Turkmenportal logo
Düýn 12:34
1413614136
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Gazagystan gümrük hem-de salgyt ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň ilçisi B.Rejepow Gazagystan Respublikasynyň maliýe ministriniň orunbasary Ý.Biržanow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

23-nji iýulda bolan duşuşygyň barşynda taraplar gümrük we salgyt ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda degişli edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem iki ýurduň üstaşyr, ulag we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da bu ugurlarda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen iki döwletiň ygtyýarly edaralarynyň arasynda wekiliýetleriň alyş-çalşyny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.