Turkmenportal logo
Düýn 11:04
1083710837
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«The Economist»: Ilon Mask Ýeri heläkçilige eltip biler
Surat: news.rambler.ru

Dünýäde iň baý işewür Ilon Mask öz kompaniýasynyň emeli aňy (EA) işläp düzýän maglumatlary gaýtadan işlemek merkezlerini Ýeriň orbitasynda ýerleşdirmek boýunça maksatnama taýýarlaýar. Bu barada «The Economist» neşirine salgylanýan «Rambler.ru» habar berdi.

Neşir tarapyndan pikiri soralan hünärmenler bu ädimiň planeta üçin heläkçilige eltip biljekdigini diýdurdylar.

Mask öz nobatynda EA we robottehnikasy geljekde akyl hem-de fiziki wezipeleriň agramly bölegini öz üstüne alar diýip aýdýar. Onuň EA-kompaniýasynyň «SpaceX» kompaniýasy bilen birleşmegi programmalaşdyrmak ýaly akyl meselelerini çözmäge ukyply ulgamlary döretmäge mümkinçilik berer, telekeçiniň «Tesla» kompaniýasy bolsa adam sypatly robotlaryň önümçiligine ünsi jemläp biler.

Maskyň çaklamalaryna görä, ýene bäş ýyldan EA-ulgamlar adam akylyndan ozar, on ýyldan bolsa, iş ýerleriniň robotlaşdyrylmagy adamzady puluň gymmatyny ýitirjek ajaýyp bolelinlik eýýamyna elter.