Turkmenportal logo
Düýn 10:56
1065610656
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Zyýat Hil» doglan güni aýratyn baýrama öwürýän tortlary hödürleýär

Doglan gün — owadan we tagamly tortsuz göz öňüne getirip bolmajak baýramdyr. «Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyry baýramçylyk saçagynyň esasy bezegine öwrüljek hem-de doglan günüň eýesine we onuň myhmanlaryna ýatdan çykmajak duýgulary bagyş etjek baýramçylyk tortlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Hödürlenilýän görnüşleriň arasynda dürli hili huruşly nusgawy we döwrebap süýjülikler bar. Alyjylar taýýar tortlary saýlap ýa-da öz isleglerine görä dizaýny, ölçegi, bezegi we tagam utgaşmasyny saýlap, şahsy sargytlaryny berip bilerler. Zynjyryň konditerleri çagalar baýramçylyklary, maşgala dabaralary, doglan günler we beýleki möhüm wakalar üçin tortlary taýýarlaýarlar.

«Zyýat Hilde» önümleriň daşky bezegine aýratyn üns berilýär. Tortlar krem kompozisiýalary, ter iýmişler, şokolad bezegleri, şekiljikler we gutlag ýazgylary bilen bezelýär, bu bolsa her bir süýjüligi özboluşly we ýatda galyjy edýär.

Müşderilere amatlylyk üçin konditer dükanlary zynjyry öňünden sargytlary kabul edýär, bu bolsa baýramçylyk tortuny bellenilen senä çenli öňünden taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, Aşgabat şäheri we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek hyzmaty hereket edýär, 150 manatdan ýokary sargytlar üçin ol mugt amala aşyrylýar.

Ýokary hilli önümleriň, dürli tagamlaryň we bezege ünsli çemeleşmäniň utgaşdyrylmagy netijesinde, «Zyýat Hil» tortlary her bir doglan güni şatlykly, tagamly we ýatdan çykmajak baýrama öwürmäge kömek edýär.

«Zyýat Hil» dükanlarynyň salgylary:

Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254

Tel.: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61

Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi

Tel.: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62

Gurtly-3 ýaşaýyş toplumy, 1-nji gat

Tel.: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63