Turkmenportal logo
Düýn 09:35
83628362
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Wepa Hajiýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň binýady hökmünde tebigy serişdeleri dolandyrmak» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynda çykyş etdi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

22-nji iýulda geçirilen mejlisde BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekil öz çykyşynda Türkmenistanyň tebigy serişdeleri jogapkärçilikli, adalatly we özara bähbitli esasda dolandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýändigini, olary parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny belledi.

Çykyşda Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasynyň mehanizmlerini pugtalandyrmaga, parahatçylyk we ynanyşmak pelsepesini ilerletmäge, energetika hem-de ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge, suw howpsuzlygyny berkitmäge, daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Şeýle hem bu ugurlaryň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 32 Kararnamasynda öz beýanyny tapandygy bellenildi.

Şeýle-de çykyşda soňky geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň ýurduň halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasata üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklandygy nygtaldy.

Çykyşyň ahyrynda Türkmenistanyň 2031 – 2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna hödürlenilmegi bilen baglylykda, ýurduň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek, ynanyşmagy pugtalandyrmak, tebigy serişdeleri jogapkärçilikli dolandyrmak hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly BMG-niň işine mundan beýläk-de işjeň we netijeli goşant goşmaga taýýardygy tassyklanyldy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi | Turkmenportal.com