«Marvel» studiýasynyň adybir filminde Dedpulyň keşbini döreden aktýor Raýan Reýnolds tapgyryň dördünji filminiň üstünde işlenilýändigini habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar. Öň aktýor baş gahrymany Dedpul bolan ýene bir filmiň gyzyksyz boljakdygyny aýdypdy. Şonuň üçin bu gezek onuň gahrymany Iks adamlar baradaky meşhur fantastik tapgyryň täze bölüminde toparyň bir agzasy bolsa gerek diýip, «The Hollywood Reporter» neşiri çaklaýar.
Dedpul atly ýaňra gahryman ilkinji gezek «Iks adamlar: Başlangyç. Rosomaha» (2009) filminde peýda boldy, aradan ýedi ýyl soňra ol barada aýratyn film döredildi. Üstünlik gazanandan soňra filmiň 2018-nji ýylda ikinji bölümi we 2024-nji ýylda «Dedpul we Rosomaha» atly trikweli (üçünji film) ekranlara çykdy.
Bu taslamalaryň ählisiniň dünýä prokatyndaky jemi kassa ýygymlary 2,9 milliard dollara deň boldy.