Turkmenportal logo
24.07.2026
1217912179
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda seýrek duş gelýän minerallaryň gözlegi boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerini halkara tejribesine laýyklykda ýerine ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurduň ýerasty baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak maksady bilen seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerini halkara tejribesine laýyklykda ýerine ýetirmek babatda degişli çäreler görülýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Munuň özi ýerasty baýlyklary ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak we olary netijeli peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýerasty baýlyklaryň gözlegi boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.