Turkmenportal logo
24.07.2026
90769076
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýürgen Klopp Germaniýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi

Germaniýanyň futbol birleşigi (DFB) geçirilen metbugat maslahatynda Ýürgen Kloppy Germaniýanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi.

59 ýaşly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2030-njy ýyla çenli hereket eder. Klopp ýygyndyny 2028-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatyna hem-de 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyna taýýarlar.

Germaniýanyň ýygyndysy 11-nji iýun — 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Paragwaýyň ýygyndysyndan (esasy wagt — 1:1, penaltiler boýunça — 3:4) ýeňlip, ýaryşy tamamlady. Şondan soň Germaniýanyň futbol birleşigi şol wagt milli ýygyndynyň baş tälimçisi bolan Ýulian Nagelsmann bilen baglaşylan şertnamany ýatyrdy.

Ýürgen Klopp 2015–2024-nji ýyllarda Angliýanyň «Liwerpul» klubuna ýolbaşçylyk etdi. Onuň tälimçiliginde topar Angliýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny we Superkubogyny gazandy, iki gezek Angliýanyň Ligasynyň kubogynyň eýesi boldy. Şeýle hem «Liwerpul» UEFA-nyň Çempionlar ligasynda, UEFA-nyň Superkubogynda we Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.

Mundan öň Klopp Germaniýanyň «Maýns» we Dortmundyň «Borussiýa» klublarynda hem baş tälimçi bolup işläpdi.