Turkmenportal logo
24.07.2026
85418541
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň Migrasiýa we içerki işler boýunça Baş direktoratynyň (DG HOME) baş direktorynyň orunbasary Ýohannes Luhner bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar migrasiýa, wiza syýasaty hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Türkmenistanyň ilçisi çykyşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has işjeň tapgyra geçýändigini belledi. Munuň özi özara saparlaryň, resmi gatnaşyklaryň we bilelikdäki çäreleriň sanynyň artmagy bilen utgaşyklydyr. Onuň sözlerine görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň söwda-ykdysady we ulag-logistika gün tertibini migrasiýa hem-de içerki işler babatda amaly hyzmatdaşlyk bilen doldurmak möhümdir.

Diplomatik wekilhananyň berýän maglumatyna görä, türkmen tarapy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, DG HOME hem-de Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň arasynda göni iş gatnaşyklaryny ýola goýmak isleýändigini beýan etdi. Şeýle hyzmatdaşlygyň maglumatlaryň dessin alyş-çalşyna, resminamalar we konsullyk meseleleriniň netijeli çözülmegine, şeýle hem daşary ýurtlarda türkmen raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berip biljekdigi bellenildi.

Duşuşykda taraplar özara saparlary ýeňilleşdirmegiň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň Benilýuks ýurtlary bilen diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýelerini wiza talaplaryndan özara boşatmak meselesi boýunça geçirýän geňeşmeleri barada pikir alşyldy. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginde köp gezeklik Şengen wizalarynyň berilmeginiň şertlerini kämilleşdirmäge hem-de ýerli konsullyk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mümkinçilik berýän mehanizmler seljerildi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy göreş boýunça 2025–2029-njy ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy ýewropaly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilermenleriň tejribe alyşmalaryna, ugurdaş maksatnamalara hem-de adam söwdasynyň, migrantlaryň bikanun getirilmeginiň we transmilli guramaçylykly jenaýatçylygyň öňüni almaga gönükdirilen bilelikdäki çärelere gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Mundan başga-da, diplomatik wekilhananyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Giňeldilen hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy taýýarlamagyň geljegi barada hem pikir alşyldy. Has giň şertnama-hukuk binýadynyň döredilmeginiň migrasiýa, wiza syýasaty we howpsuzlyk ugurlarynda alnyp barylýan dialogyň institusional esasda ösdürilmegine ýardam edip biljekdigi bellenildi.

Diplomatik wekilhananyň habar bermegine görä, Ýewropa Komissiýasynyň wekili Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasyny makullap, DG HOME tarapyndan iş gatnaşyklaryny dowam etdirmäge, deslapky geňeşmeleri geçirmäge hem-de türkmen tarapy bilen maglumat alyşmaga taýýarlygy tassyklady.