Turkmenportal logo
Düýn 12:56
75417541
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Niderlandlarda geçiriljek atçylyk boýunça dünýä çempionatyna ýurtlaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagyň meýdançasy hökmünde garaýar

2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän ahalteke bedewleriniň atçylyk sporty we gözellik boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistan diňe bir iri sport-medeni çäre hökmünde däl, eýsem iki ýurduň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrýan möhüm meýdança hökmünde hem garaýar. Bu barada Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Niderlandlaryň daşary işler ministriniň orunbasary, syýasat meseleleri boýunça baş direktory Ýost Flamandyň arasynda geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça ýaýradan habarynda aýdylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, öňde boljak dünýä çempionaty Türkmenistanyň we Niderlandlaryň halklarynyň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmegi berkitmäge, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem ahalteke bedewleriniň halkara derejede has giňden wagyz edilmegine ýardam berjek möhüm çäre hökmünde garalýar.

Çempionat Limburg welaýatyndaky Peelbergen atçylyk-sport toplumynda geçiriler. Ilçihananyň bellemegine görä, bu çempionat Türkmenistanyň çäginden daşynda ilkinji gezek şeýle giň gerimli halkara ýaryş hökmünde guralar. Çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan ahalteke bedewleriniň eýeleriniň we hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Habarda nygtalyşy ýaly, çempionaty geçirmek üçin Niderlandlaryň saýlanylmagy bu ýurtda atçylyk medeniýetiniň we atçylyk sportunyň ýokary derejede ösmegi, atçylyk pudagynda baý tejribäniň bolmagy hem-de iri halkara atçylyk çärelerini guramak boýunça köpýyllyk däpler bilen şertlendirilendir.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Gaaga şäherinde iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen-niderland işewürlik forumyny geçirmek mümkinçiligi barada pikir alşyldy.

Bellenilişi ýaly, şeýle forum ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga täze itergi berip, Niderlandlaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak arkaly Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam edip biler.

Mundan başga-da, taraplar suw serişdelerini dolandyrmak, suwy tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk barada hem pikir alyşdylar.

Ilçi Niderlandlaryň daşary işler ministrliginiň Protokol gullugynyň ýokary derejeli çäreler boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Bob Aal bilen hem aýratyn duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ýokary derejeli wekiliýetleriň saparlaryny guramak bilen bagly guramaçylyk we tehniki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Niderland tarapy öňde boljak çäreleriň taýýarlygy boýunça konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.