Turkmenportal logo
Düýn 10:53
43024302
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Google: Gemini çat-botunyň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany 950 milliona ýetdi

Google kompaniýasy Gemini çat-botunyň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sanynyň 950 milliondan geçendigini habar berdi. Bu barada TechCrunch neşiri Alphabet kompaniýasynyň 2026-njy ýylyň ikinji çärýegi boýunça maliýe hasabatyna salgylanyp, maglumat ýaýratdy.

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginiň jemleri boýunça Gemini çat-botunyň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany 750 milliondan gowrakdy. Bu görkezijiniň 950 milliona ýetmegi bilen Google kompaniýasynyň emeli aň çat-boty meşhurlyk boýunça bäsdeşi bolan ChatGPT-ä has-da golaýlaşdy. Reuters agentligi 2026-njy ýylyň iýun aýynda Sensor Tower kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, OpenAI tarapyndan işlenip düzülen ChatGPT programmasynyň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sanynyň 1 milliarddan geçendigini habar beripdi.

Google kompaniýasynyň esasy bolan Alphabet kompaniýasy 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde girdejisiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24 göterim artyp, 119,8 milliard ABŞ-nyň dollaryna ýetendigini mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde Google Cloud bölüminiň girdejisi 82 göterim ýokarlanyp, 24,8 milliard dollara ýetdi. Kompaniýanyň arassa girdejisi bolsa 112,1 milliard ABŞ-nyň dollaryny düzdi.

Mundan başga-da, Alphabet kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin maýa goýum çykdajylary baradaky çaklamasyny 180–190 milliard dollardan 195–205 milliard dollara çenli ýokarlandyrdy. CNBC neşiriniň bellemegine görä, kompaniýa emeli aň tehnologiýalaryna bolan islegiň artmagy sebäpli emeli aň infrastrukturasyny ösdürmäge uly möçberde maýa goýýar.

2026-njy ýylyň 23-nji iýulynda Alphabet kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy tas 7 göterim peselip, bir paýnamanyň bahasy 318,76 ABŞ-nyň dollaryna düşdi.