Aşgabatda bilim ulgamynda meýilnamalaşdyrmak, döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak we monitoringi subutnamalara esaslanyp kämilleşdirmek maksady bilen Köp görkezijili klaster barlagynyň (MICS) maglumatlaryndan netijeli peýdalanmak boýunça iki günlük okuw seminary geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ÝUNISEF tarapyndan guraldy.

Seminara Türkmenistanyň Mejlisiniň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanda geçirilen soňky MICS barlagynyň bilim ulgamyna degişli esasy netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, başlangyç okuw başarnyklary, irki çagalyk ösüşi we mekdebe çenli bilim, mekdebe gatnamaýan çagalar, inklýuziw bilim, ýaşlaryň başarnyklary, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary (IKT) boýunça başarnyklar, şeýle hem bilim bilen çagalary goramagyň arasyndaky özara baglanyşyk bilen bagly görkezijilere garaldy.

Amaly sapaklar we toparlaýyn işler gatnaşyjylaryň maglumatlary seljermek we düşündirmek, olaryň döwlet syýasaty üçin ähmiýetini kesgitlemek, şeýle hem delillere esaslanýan çözgütleri kabul etmek üçin seljeriş maglumatnamalaryny taýýarlamak boýunça başarnyklaryny ösdürmäge ýardam etdi.