Özbegistanyň «My Freighter» ýük awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap Belgiýanyň Lýež howa menzilinden amala aşyrylýan gatnawlaryny her günlük tertibe geçirýär. Bu ädim Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň arasynda ýük daşamagyň mümkinçiliklerini has-da giňelder.
Lýež şäherinden gündelik ýerine ýetiriljek gatnawlar Ýewropa bilen Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň arasynda ýük daşamalarynyň has durnukly amala aşyrylmagyny üpjün eder — diýip, stattimes.com neşiri habar berýär. Mundan ozal, şu ýylyň mart aýynda «My Freighter» Germaniýanyň Frankfurt howa menzili bilen Aziýanyň arasynda täze ugurlary işe girizipdi. Şeýle hem kompaniýa ýanwar aýynda Daşkentdäki üstaşyr merkeziniň üsti bilen Gonkongdan Niderlandlaryň Maastriht-Aahen howa menziline gatnawlary ýola goýandygyny yglan edipdi.
«My Freighter» merkezi Daşkentde ýerleşýän ýük awiakompaniýasy bolup, elektron söwdasynyň harytlaryny, tiz zaýalanýan önümleri we dürli görnüşli umumy ýükleri daşamaga ýöriteleşendir. Kompaniýanyň howa gämileriniň düzümine Boeing 767-300F we Boeing 747-200F kysymly ýük uçarlary girýär.
Türkmenistan eýýäm bu awiakompaniýanyň ugurlar toruna goşuldy. 2024-nji ýylyň fewral aýynda «My Freighter» Türkmenabat Halkara howa menziline ilkinji täjirçilik gatnawyny üstünlikli amala aşyrdy.