Turkmenportal logo
Düýn 13:50
99469946
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýarym ýylyň dowamynda Türkmenistandan Özbegistana sapar bilen 164 müňden gowrak jahankeşde bardy

Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow 2025-nji ýylda Özbegistana Türkmenistandan 370 müň syýahatçynyň baryp görendigini habar berdi. Bu barada ol 23-nji iýulda Aşgabatdaky Özbegistan Respublikasynyň ilçihanasynda geçirilen, Özbegistanda syýahatçylyk pudagynyň ösüşine bagyşlanan her ýylky brifingde eden çykyşynda aýtdy.

Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ýurda jemi 11,7 million daşary ýurtly syýahatçy geldi. Bu görkeziji öňki ýyl bilen deňeşdirilende 3,7 million adam ýa-da tas 47 göterim köpdür. Syýahatçylaryň sany boýunça öňdäki orunlary Gyrgyzystan (3,3 million), Täjigistan we Gazagystan (her biri 2,7 million), Russiýa (1 milliona golaý) hem-de Owganystan (477 müň) eýeledi.

Ilçi 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda Türkmenistandan Özbegistana giden jahankeşdeleriň sanynyň 164 müňe ýetendigini hem aýtdy. Şol döwürde Özbegistana jemi 6,6 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçy bardy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,3 million adam ýa-da 25 göterim köpdür.

2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Özbegistana iň köp syýahatçy iberen ýurtlaryň sanawyna Gyrgyzystan (1,88 million), Gazagystan (1,55 million), Täjigistan (1,47 million), Russiýa (586 müň), Owganystan (239 müň) we Hytaý (223 müň) hem girdi.