Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Howkins bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda syýasy-diplomatik dialogy ösdürmegi, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler, şeýle hem, özara gyzyklanma bildirýän sebit we halkara gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar diýip, türkmen daşary işler edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar türkmen-amerikan döredijilikli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmekde gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.