Turkmenportal logo
Düýn 11:58
57625762
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fransiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

Fransiýanyň Parlamenti 15 ýaşa ýetmedik çagalaryň TikTok ýaly sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan edýän kanuny tassyklady. Şeýlelikde, Fransiýa Ýewropa Bileleşiginde şeýle çäklendirmäni kabul eden ilkinji ýurt boldy.

Bu başlangyjy Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron uzak wagt bäri goldap gelýärdi. Ol bu kanuny öz prezidentlik möhletiniň ikinji döwrüniň esasy özgertmeleriniň biri diýip atlandyryp, onuň şu ýylyň sentýabr aýyna çenli güýje giriziljekdigini mälim edipdi.

Kanun taslamasy ozal Senat tarapyndan tassyklanandan soň, Milli ýygnagy tarapyndan 279 deputatyň goldamagynda, 81deputatyň garşy çykmagy bilen kabul edildi. Emmanuel Makron Fransiýanyň internet giňişliginde çagalary goramak babatda beýleki Ýewropa ýurtlaryna görelde görkezýändigini aýdyp, kanuny goldan deputatlara hoşallyk bildirdi. Indi resminama Konstitusion geňeşiň seljermesinden geçiriler.

Kanun iki tapgyrda güýje giriziler. Birinji tapgyrda, şu ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial torlarda täze hasaplary döretmek gadagan ediler. Ikinji tapgyrda bolsa, 2027-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, bu çäklendirme ozaldan bar bolan hasaplara hem degişli bolar.

Fransiýanyň sanly tehnologiýalar boýunça ministri Ann Le Enanffyň bellemegine görä, bu möhletler doly amala aşyryp boljak derejede kesgitlenildi. Sebäbi ulanyjylaryň ýaşyny barlamaga mümkinçilik berýän tehnologiýalar eýýäm bar we täze talaplaryň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçilik sosial tor platformalarynyň özlerine ýüklenýär. Geçiş döwründe Fransiýadaky ulanyjylar öz ýaşyny tassyklamaly bolar. Eger 15 ýaşdan kiçi ulanyjylar ýüze çykarylsa, olaryň hasaplary ýapylar. Şeýle-de ministr ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyň ygtybarly gorag astynda boljakdygyny nygtady.

Kanuny sentýabr aýynda güýje girizmek bilen, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen birlikde, mekdepleriň ýokary synplarynda jübi telefonlarynyň ulanylmagyny gadagan edýän başga bir düzgüni hem bir wagtda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Ozal Fransiýanyň saglygy goraýyş ulgamyna gözegçilik edýän edarasy TikTok, Snapchat we Instagram ýaly sosial torlaryň ýetginjeklere, aýratyn-da gyzlara, ýaramaz täsir ýetirýändigini belläpdi. Şol bir wagtyň özünde edara bu platformalaryň ýetginjekleriň ruhy saglygynyň ýaramazlaşmagyna täsir edýän ýeke-täk sebäp däldigini hem nygtady.