Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryndan hem-de mugallymlaryndan ybarat topar 14-nji iýuldan bäri Malaýziýada bolup, «Petronas» Tehnologiýa uniwersitetinde okuw we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamasyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Maksatnama iki hepdelik okuw sapaklaryny we bir hepdelik hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlaryny öz içine alýar.
Meýilnama laýyklykda, türkmen wekilleri täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak, sanly tehnologiýalary we emeli aňy önümçilige ornaşdyrmak bilen bagly ugurlar boýunça okuw sapaklaryna gatnaşarlar.
Şeýle hem türkmen talyplary we mugallymlary «Petronas» uniwersitetinde okuw işiniň guralyşy, barlaghanalary, okuw merkezleri, ylmy-barlag işleri, şeýle-de kompaniýanyň önümçilik desgalary bilen ýakyndan tanyşarlar.