Turkmenportal logo
Düýn 13:01
89858985
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BSGG we FAO guramasy türkmen hünärmenlerine ehinokokkoza garşy göreşmegiň usullary boýunça okuw geçirdi

13–17-nji iýul aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we kesellerin ýaýramagyna garşy göreşmek we Döwlet weterinariýa gulluklarynyň işgärleri üçin ehinokokkozyň öňüni almak, ony anyklamak hem-de bu kesele garşy göreşmek boýunça okuw geçirildi. Çäräni Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky wekilhanasy Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen bilelikde Döwlet arassaçylyk we kesellerin ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň binýadynda gurady.

Okuw «Merkezi Aziýada “Ýeke-täk saglyk” başlangyjynyň çäklerinde pandemiýalaryň öňüni almak, olara taýýarlygy güýçlendirmek we täsirli çäre görmek» atly Pandemiýa gaznasynyň taslamasynyň bir bölegi boldy. Taslamanyň esasy maksady adamyň we haýwanlaryň saglygy ulgamlarynyň özara utgaşykly hyzmatdaşlygy arkaly ýurduň ehinokokkoza garşy göreşmek boýunça milli mümkinçiliklerini pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Okuwy Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Gyrgyzystandan gelen halkara geňeşçileri Talgat Tursunow we Aýzat Arunowa alyp bardy. Maksatnama Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Oba hojalyk ministrliginiň hünärmenleri üçin nazary sapaklary we amaly okuwlary öz içine aldy.

Okuwa gatnaşyjylar sistiki we alweolýar ehinokokkozyň epidemiologiýasy hem-de oňa gözegçilik etmek boýunça bilimlerini çuňlaşdyrdylar, barlaghana anyklaýşy we biologik howpsuzlyk ugurlarynda amaly başarnyklaryny kämilleşdirdiler. Şeýle hem olar toplumlaýyn epidemiologik gözegçiligiň ýörelgelerini we pudaklaryň arasynda maglumat alyşmagyň usullaryny öwrendiler. Aýratyn üns edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga hem-de sebit tejribesini paýlaşmaga gönükdirildi. Toplanan tejribäniň geljekde bu keseliň öňüni almaga gönükdirilen milli maksatnamalar üçin teklipleri taýýarlamakda peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar.

Guramaçylaryň bellemegine görä, geçirilen okuw Türkmenistanyň «Ýeke-täk saglyk» çemeleşmesiniň çäklerinde zoonoz howplaryna taýýarlygyny has-da pugtalandyrmak ugrunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu çemeleşme lukmançylyk we weterinariýa ulgamlarynyň ýakyn hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýar.