Turkmenportal logo
Düýn 12:43
81448144
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýanyň parlamenti Imperator tagtynyň erkek nesli boýunça mirasdüşerligini saklap galdy

Ýaponiýanyň parlamenti soňky 75 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ilkinji gezek Imperator maşgalasy hakyndaky kanuna üýtgetmeleri girizdi. Bu üýtgetmeler imperator maşgalasynyň agzalarynyň sanynyň azalmagy bilen bagly meseläni çözmäge gönükdirilendir. Täze düzgünler tagt mirasdüşerliginiň käbir talaplaryny ýeňilleşdirýän hem bolsa, zenanlaryň imperator tagtyna geçmegine bolan gadaganlyk öňküligine saklanyp galýar — diýip, «Associated Press» we «BBC News» neşirleri habar berýärler.

Üýtgetmeleriň birine laýyklykda, imperator maşgalasyna kakasy tarapyndan imperator nesline degişli bolan, 15 ýaşdan uly öýlenmedik erkek garyndaşlary ogullyga almak hukugy berilýär. Bu düzgün 1947-nji ýylda imperator maşgalasynyň düzüminden çykarylan imperator nesliniň 11 şahasy bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde olaryň 51 wekili Ikinji jahan urşundan soň monarhiýanyň maliýe ýüküni ýeňletmek maksady bilen imperator derejesinden ýüz öwrüpdi.

Ikinji üýtgetme bolsa imperator maşgalasynyň zenan agzalaryna ýönekeý raýat bilen durmuş guran ýagdaýynda hem öz derejelerini we maşgaladaky ornuny saklamaga mümkinçilik berýär. Ozal şeýle ýagdaýda olar imperator maşgalasynyň derejesini ýitirip, onuň düzüminden çykarylýardy. Täze düzgün resmi wezipeleri ýerine ýetirip biljek maşgala agzalarynyň sanyny artdyrmagy maksat edinýär.

Ýaponiýanyň imperator nesli dünýäde häzirem dolandyryşyny dowam etdirýän iň gadymy patyşa neberesi hasaplanýar. Onuň taryhy 2600 ýyldan hem gowrak döwri öz içine alýar. Häzirki imperator 66 ýaşly Naruhitodur. Onuň erkek mirasdüşeri ýok. Häzirki kanunçylyga görä, tagta ilkinji nobatda imperatoryň 60 ýaşly inisi Fumihito mirasdüşer hasaplanýar. Ondan soňra Fumihitonyň 19 ýaşly ogly şazada Hisahito gelýär. Tagta üçünji we iň soňky dalaşgär bolsa imperatoryň 90 ýaşly daýysydyr.

Habarlarda bellenilişi ýaly, kanuna girizilen üýtgetmeler ýapon jemgyýetiniň bir böleginde nägilelik döretdi. Tankytçylar munuň imperator Naruhitonyň ýeke-täk gyzy bolan şazada Aýkony tagt mirasdüşerliginden çetleşdirmek we patriarhal ulgamyň çäklerinde zenanlara garşy çäklendirmeleri berkitmek synanyşygy bolup durýandygyny öňe sürýärler. 24 ýaşly şazada Aýko ýurtda uly meşhurlykdan peýdalanýar we köp sanly ýapon raýatlary onuň kakasynyň ornuna imperator bolmagyny isleýärler.