Turkmenportal logo
Düýn 13:29
50645064
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan syýahatçylygy ösdürmekde Gruziýanyň tejribesine gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan syýahatçylyk pudagyny we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde Gruziýanyň toplan baý tejribesini ulanmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tbilisi şäherinde guralan Türkmen-gruzin işewürlik forumynda eden çykyşynda mälim etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany: «Türkmenistan syýahatçylygy we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek ugrunda Gruziýanyň tejribesine gyzyklanma bildirýär» diýip nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň 2025-nji ýylda syýahatçylyk pudagynda gazanan ýokary görkezijilerine hem ünsi çekip, Türkmenistanyň bu ugurdaky tejribäni öwrenmek we durmuşa geçirmek niýetiniň bardygyny mälim etdi.

Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda bu ýurda 5,5 milliondan gowrak syýahatçy geldi. Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary Irakliý Nadareişwiliniň bellemegine görä, syýahatçylyk pudagy Gruziýanyň jemi içerki önüminiň, takmynan 10 göterimini emele getirýär, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň 9 göterime golaýyny amala aşyrýar, şeýle hem ýurduň hyzmatlar eksportynyň tas 60 göterimi hut syýahatçylyk pudagynyň paýyna düşýär.