Şu günler Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny 5G tehnologiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu barada TDH habar berýär.
5G ulgamynyň maglumatlary geçirijilik mümkinçiliginiň has ýokarydygyny, dünýä tejribesinde bu tehnologiýanyň «akylly» şäher we «akylly» öý ulgamlarynda giňden ulanylýandygyny bellemek gerek. Gurşap alýan çägi we degişli düzümlerdir pudaklar üçin ähmiýetlidigi bu usulyň artykmaçlygyny görkezýär. 5G ulgamynyň mümkinçiliklerini öwrenip, ony Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň düzümleriniň işine ornaşdyrmak we beýleki ugurlarda işjeň peýdalanmak meseleleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Çünki Arkadag şäherinde ornaşdyrylan 5G ulgamy öz artykmaçlygyny iş ýüzünde subut etdi.
Häzirki zaman 5G aragatnaşyk ulgamynyň maglumat geçirijiligi, 4G bilen deňeşdirilende, 10 essä çenli ýokarydyr. Täze tehnologiýanyň sanly ulgamyň ygtybarly we durnukly birikmelerini üpjün etmek bilen bir hatarda, önümçilik zolaklarynyň, saglygy goraýyş, bilim, senagat pudaklarynyň işiniň ilerlemegine, maglumat alyşmak işiniň tiz hem-de ygtybarly ýerine ýetirilmegine gönükdirilendigini nygtamak gerek.
5G ulgamy teleýaýlymlaryň işinde-de netijeli ulanylýar. Bu innowasion tehnologiýa gepleşikleri 4K ölçegde göni ýaýlyma bermegiň, telelukmançylyk amallaryny ýokary derejede ýerine ýetirmegiň ygtybarly usuly hökmünde peýdalanylýar. Robototehnika ýaly ýokary depginde ösýän pudagyň işinde hem bu tehnologiýanyň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Munuň özi emeli aňyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň hem wajyp guraly bolup hyzmat edýär.
Häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryny giňden ornaşdyrmak, 5G we emeli aňyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça wezipeler «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» anyk kesgitlenendir. Häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap şertler tehnologik ösüşiň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna, elektron hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegine, hususan-da, elektron hyzmatlaryň e-SIM görnüşini ornaşdyrmaga şert döredýär. Daşary ýurtly raýatlar ýurdua gelen wagtynda milli öýjükli operatoryň SIM kartlaryny satyn almazdan, e-SIM mobil goşundysynyň üsti bilen internet toruna päsgelçiliksiz elýeterliligi alýarlar. Bu hyzmat müşderileriň mobil telefonyna birnäçe belgini birikdirmäge mümkinçilik berýän täze usullaryň biridir.