Turkmenportal logo
Düýn 15:49
67746774
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Normandiýa goşun düşürilmeziniň öň ýanyndaky sagatlar baradaky film "Belet" platformasynda elýeterli boldy

Režissýor Entoni Marasyň «Basyş» atly harby dramasy “Belet” striming platformasynyň sanawyna goşuldy.

Filmiň wakalary soýuzdaş goşunlaryň Normandiýa goşun düşürmezinden 72 sagat öň ýanynda bolup geçýär. Sýužetiň merkezinde Beýik Britaniýanyň baş meteorology Jeýms Stegg durýar. Oňa taryhdaky iň möhüm howa çaklamalarynyň birini taýýarlamak hem-de general Eýzenhaueriň ýolbaşçylygyndaky soýuzdaşlaryň harby serkerdeligini öz hasaplamalaryna ynandyrmak wezipesi düşýär.

Ikinji jahan urşy barada düşürilen filmleriň köpüsinden tapawutlylykda, bu film söweş sahnalaryna däl-de, eýsem taryhyň iň iri deňiz harby amallarynyň biriniň netijesini kesgitlän ýeke-täk kararyň ähmiýetine we onuň jogapkärçiligine ünsi jemleýär.

Film tomaşaçylardan ýokary baha aldy: IMDb platformasynda 7,7, «Kinopoisk» saýtynda bolsa 6,8 bal gazandy. Baş keşpleri Brendan Freýzer, Endrýu Skott, Kerri Kondon we Demien Lýuis ýerine ýetirdiler.