Turkmenportal logo
Düýn 19:47
10421042
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagyň tertibini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň buýrugy

Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2026-njy ýylyň 19-njy maýynda çykaran 197 belgili

B U Ý R U G Y

 

«Okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagyň tertibini tassyklamak hakynda»

 

2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynyň on üçünji bölegine laýyklykda, buýurýaryn:

1. Okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagyň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepleri hem-de mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasarlary gözegçilik etmeli.

 

Ministr                                                                              J.Gurbangeldiýew

 

Türkmenistanyň Bilim ministriniň

2026-njy ýylyň 19-njy maýynda

çykaran 197 belgili buýrugy bilen 

tassyklanyldy

 

Okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagyň tertibi

 

1. Okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagyň tertibi (mundan beýläk – Tertip) 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynyň on üçünji bölegine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. 

2. Şu Tertip Türkmenistanyň bilim edaralarynda (mundan beýläk – bilim edaralary) okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagyň tertibini düzgünleşdirýär.

3. Şu Tertip eýeçiligiň döwlet we döwlete dahylsyz görnüşindäki bilim edaralarynyň pedagogik işgärleri we okaýanlar tarapyndan berjaý edilmäge degişlidir.

4. Şu Tertibiň maksatlary üçin şu düşünjeler ulanylýar:

1) şahsy ykjam tehniki serişdeler – ykjam telefonlar, smartfonlar, planşetler, noutbuklar, smart sagatlar we beýleki aragatnaşyk wezipelerini ýerine ýetirýän, internet toruna birikýän, foto surata düşürýän, ses we wideo ýazgylaryny edýän şahsy elektron gurluşlar;

2) okaýanlar – bilim maksatnamasyna, okatmagyň görnüşine, bilim edarasynda bolmagyň düzgünine görä terbiýelenýänler, okuwçylar, talyplar, diňleýjiler, eksternler;

3) elektron bilim serişdeleri – elektron sanly görnüşde berlen we olar baradaky gurluş düzümini, dersiň mazmunyny hem-de metamaglumatlary özünde jemleýän bilim serişdeleri (okuw, usulyýet, ylmy, maglumatnama, wirtual barlaghana, intellektual işler we başgalar);

4) elektron kitap - adaty kagyza çap edilmän, sanly formatda taýýarlanylan we kompýuter, planşet, smartfon ýa-da ýörite elektron okaýjylar arkaly okalýan kitabyň sanly görnüşi;

5) internet birikme – aragatnaşyk serişdeleri arkaly maglumat gorlaryna internet torunyň üsti bilen birikmek;

6) maglumat – gözleniş, işlenip taýýarlanyş, saklanyş, berliş we ýaýradylyş usullaryna garamazdan kagyz, elektron ýa-da başga görnüşdäki ähli maglumatlar ýa-da habarlar; 

7) maglumat-telekommunikasiýa tory – maglumaty aragatnaşyk ugurlary boýunça geçirmek üçin niýetlenen, aralaşylmagy hasaplaýyş tehniki serişdelerini peýdalanmak bilen amala aşyrylýan tehnologik ulgam. 

5. Okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdeleri (mundan beýläk – ykjam gurluşlar) okuw işiniň maksatlary üçin ulanylýar.

6. Bilim edaralarynda bilim işi guralanda ykjam gurluşlar elektron okuwy hem-de uzak aralykly bilim tehnologiýalary peýdalanmak üçin okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň maglumat serişdesi hökmünde ulanylyp bilner.

7. Bilim edaralarynda okaýanlaryň hem-de pedagogik işgärleriň ykjam gurluşlary peýdalanmak arkaly maglumat üpjünçiligine elýeterliliginiň bolmagy üçin şu aşakdakylar zerurdyr:

1) bilim maksatnamasy boýunça okuw meýilnamalarynyň dersleriniň elektron okuw-usulyýet toplumy;

2) elektron kitaphana;

3) maglumat-kommunikasiýa serişdeleri;

4) maglumat-telekommunikasiýa tory;

5) ykjam gurluşlar üçin programmalar;

6) pedagogik işgärleriň, okuw-kömekçi işgärleriň ykjam gurluşlary ulanmaga bolan taýýarlygy.

8. Hünär-tehniki bilim, orta hünär bilimi, ýokary hünär bilimi, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimini amala aşyrýan, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we olary gaýtadan taýýarlaýan, okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralary we bilim işini amala aşyrýan beýleki edaralar tarapyndan elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalary ulanylyp geçirilýän bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2023-nji ýylyň 23-nji dekabrynda 1754 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Bilim edaralarynda elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda çykaran 444 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Bilim edaralarynda elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň Tertibi bilen düzgünleşdirilýär. 

9. Ykjam gurluşlar:

1) internet birikme arkaly häzirki zaman elektron bilim serişdeleri bilen tanyşdyrýan web-saýtlara girmäge elýeterliligi üpjün edýär; 

2) multimediýa kontenti bilen tanyşmagy üpjün edýär;

3) bilim maglumatlaryny özünde jemleýän ses, ýazgy, wideo we grafik faýllaryny okamagyň serişdesi bolup hyzmat edýär;

4) elektron kitaplaryny (okuw gollanmalaryny), okuw kurslaryny we okuw maglumatlaryny saklaýan ýöriteleşdirilen görnüşli faýllary ulanyp, okuw işini guramaga mümkinçilik berýär;

5) berlen ýumuşlaryň okaýanlar tarapyndan ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge hem-de tordaky işjeňligini seljermek arkaly okuw işini şahsy görkezijilere görä meýilleşdirmäge mümkinçilik döredýär; 

6) maglumatlary toplamagy ýönekeýleşdirýär, okuw işini esasan hem internet birikmesine elýeterliligi bolmadyk bilim ulgamlaryny dolandyrmak işiniň hilini ýokarlandyrýar. 

10. Ykjam gurluşlaryň peýdalanylmagy bilim ulgamyndaky mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, okuw işine innowasiýalary ornaşdyrmaga, talap edilýän bilimleri almaga päsgelçilik bermeli däldir.

11. Bilim edaralary ykjam gurluşlar ulanylanda aşakdaky ýagdaýlary göz öňünde tutmalydyr:

1) maglumatlaryň kysymlaryny we sanlaryny çäklendirýän kiçi ekranly ykjam gurluşlaryň okaýanlaryň saglygyna ýetirip biljek zyýanyny;

2) grafika bilen işlenende ýüze çykýan kynçylyklary;

3) internet toruna simsiz birikýän peýdalanyjylaryň sanynyň bellenen möçberden köp bolan ýagdaýynda geçirijilik ukyplylygyň peselýändigini;

4) okuw sapaklary wagtynda ykjam gurluşlaryny saklamak üçin ýörite niýetlenilen ýerleri döretmek zerurlygyny. 

12. Bilim edaralary elektron okuwy hem-de uzak aralykly bilim tehnologiýalary ulanylyp, bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende we okuw işi guralanda pedagogik işgärleriň, okuw-kömekçi işgärleriň we dolandyryş işgärleriniň gaýtadan taýýarlanylmagy hem-de hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy arkaly olaryň taýýarlygynyň degişli derejesini üpjün edýär. 

13. Pedagogik ugurly hünär bilimi edaralary, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we olary gaýtadan taýýarlaýan edaralar hünär bilimleri we endikleri çuňlaşdyrmak, ylym we tehnologiýalar babatda häzirkizaman gazananlary, pedagogik işgärleriň (özleriniň başlangyjy boýunça hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny we gaýtadan taýýarlanylmagyny amala aşyrýan adamlaryň) zerurlyklaryny, şeýle hem halkara tejribesini göz öňünde tutup, okuw maksatnamalaryna bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende we okuw işi guralanda ykjam gurluşlary ulanmak bilen baglanyşykly maglumatlary okuw maksatnamalaryna girizýärler.

14. Bilim edaralary okaýanlaryň ykjam gurluşlardan netijeli peýdalanmaklaryny üpjün etmek maksady bilen degişli hünärmenleriň (informatika mugallymlary ýa-da IT hünärmenleri) okaýanlaryň ykjam gurluşlaryna okuw programmalaryny gurnamakda we elektron kitaphanalara birikmekde usulyýet kömegini bermegini guraýarlar.

15. Okuw işiniň dowamynda okaýanlar ykjam gurluşlary pedagogik işgärleriň rugsady bilen okuw maksady üçin peýdalanmaly.

16. Okaýanlar tarapyndan ykjam gurluşlary ulanmagyň etiki kadalary, ýagny bilim edaralarynda okuw işine päsgelçilik döretmezlik maksady bilen ykjam gurluşlaryň «sessiz» ýa-da «uçuş» düzgünine geçirilmegi, okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň rugsady bolmazdan olaryň wideo, foto ýa-da ses ýazgylarynyň edilmezligi, şunuň bilen bagly, okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň mertebesine hormat goýmak ýörelgeleriniň we beýleki kadalaryň berjaý edilmegi hökmanydyr. 

17. Bilim edaralary ykjam gurluşlary netijeli, howpsuz we dogry ulanmagyň ýörelgeleri barada okaýanlary hem-de olaryň ata-enelerini ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary tanyşdyrmaly, ýagny:

1) ykjam gurluşlaryň okaýanlar tarapyndan okuw maksatlary üçin peýdalanylmaga degişlidigini;

2) ykjam gurluşlaryň uzak wagtyň dowamynda ulanylmagynyň netijesinde okaýanlaryň saglygyna ýetirip biljek zyýanyny (kiçi ekranly ykjam gurluşlar ulanylanda gözlere gereginden artyk agram bermek, elektromagnit şöhleleriniň täsiri we beýlekiler);

3) şahsyýetiň ahlak we ruhy ösüşine zyýan ýetirip biljek islenilmeýän gorlara, şeýle hem terrorçylygy, urşy wagyz etmek, durmuş, milli, tire-taýpa, etniki, jynsy, dini duşmançylygy ýa-da agzalalygy wagyz edýän, milli we ahlak gymmatlyklara zyýan ýetirýän maglumatlary, okaýanlaryň jany we saglygy üçin zyýanly bolan kontentleri (zyýanly mazmunly grafiki, surat görnüşli, wideo materiallar, makalalar, gazetler, teleprogrammalar) ýaýratmak bilen meşgullanýan maglumat çeşmelerine girmekden saklanmagy;

4) gender we beýleki deňsizlikleriň artmagyna täsir etmekden hem-de umumy kabul edilen edeplilik kadalaryna gabat gelmeýän hereketleri etmekden saklanmagy (gorkuzmak, agressiw häsiýetli habarlary ibermek, jemgyýet üçin howply etmişi eden adamlar bilen aragatnaşyk saklamak we beýlekiler).

18. Bilim edaralarynyň tertipnamalaryndan we içerki düzgün-nyzam kadalaryndan gelip çykýan talaplar pedagogik işgärler we okaýanlar tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidir.

19. Okuw işiniň maksatlary üçin ykjam gurluşlary peýdalanmak bilen bagly ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

20. Şu Tertip bilen düzgünleşdirilmedik gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2026-njy ýylyň 03-nji iýunynda 1948 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.