Turkmenportal logo
Şu gün 09:55
31523152
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşky gurşawy goramakda GIS ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw geçirildi

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýygnak zalynda «GIS-iň esaslary we kartografiýanyň döwrebap gurallary» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, okuw maslahatynyň esasy maksady döwlet tebigy goraghanalaryň we tokaý hojalyklaryň hünärmenleriniň sanly kartografiýa ulgamy boýunça bilimlerini kämilleşdirmäge hem-de tebigaty goramak tejribesine döwrebap geomaglumatlar ulgamlaryny (GIS) ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, ýurduň aýratyn goralýan çäklerini we tebigy tokaý meýdanlaryny netijeli dolandyrmakda we kartalaşdyrmakda sanly giňişlik maglumatlaryny utgaşdyrmak möhüm işleriň biridir.

Okuw maslahaty amaly-tejribe esasda geçirildi. GIS-hünärmen Begenç Mämmedow ýolbaşçylygynda okuw maslahatyna gatnaşyjylar «Google Earth Pro» we «SAS Planet» ugurlary barada giňişleýin usulyýetleri özleşdirdiler, Geomaglumatlaryň hem-de kartalaşdyrmagyň elýeterli hem-de netijeli usullaryna esasy üns berildi.

«Google Earth Pro» ulgamy arkaly hünärmenler meýdanlaryň ýerleşýän ýerleriniň belliklerini döretmegi we dolandyrmagy, aralyklarydyr meýdanlary ölçemegi, şeýle hem ýollary, köpburçluklary çyzmagy karta-suratlary goýmagy öwrendiler. Şeýle hem ýazgylaryny ýazmagyň usullaryny özleşdirdiler.

«SAS Planet» ulgamy boýunça günüň ikinji ýarymynda gatnaşyjylar bu programmanyň artykmaçlyklaryny seljerdiler, zerur bolan çäkleriň meýdanlarynyň maglumatlaryny kesgitlemekde dürli bellikleri ulanmagy özleşdirdiler. Okuw maslahatynda giňişlik belliklerini dolandyrmak, maglumat bukjalaryny döretmek we maglumatlaryň takyk suratlaryny almakda usulyýetleri öwrendiler. Şeýle hem kartalary çyzylan meýdanlary we başga maglumatlary resmileşdirmegiň usulyýetlerini öwrendiler.

Döwlet tebigy goraghanalaryň hünärmenleri geomaglumatlar ulgamynyň öz işlerinde zerurlygyny bellediler, tebigy baýlyklary ylmy tarapdan öwrenmekde bu geçirilen okuw sapagynyň ähmiýetini bellediler.