Turkmenportal logo
Şu gün 08:53
44924492
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynda şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda: «Medeniýet milletimiziň mertebesidir, bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlygydyr. Şoňa görä-de, biz medeniýeti we sungaty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledik. Ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişlidir» diýip, halkyň ruhy-ahlak gymmatlygy bolan medeniýete we sungata aýratyn ýokary baha berýär.

«Türkmen medeniýetini, sungatyny we edebiýatyny ösdürmekde ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň uly ähmiýeti bardyr. Balkan welaýatynda öz işine başlaýan Medeniýet hepdeliginiň hem türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini ähli ajaýyplygy bilen açур görkezmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn. Biz ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň, artistleriň, suratkeşleriň bu sungat baýramçylygyna täzeden-täze döredijilik sowgatlary bilen gelýändiklerine örän guwanýarys.

Häzirki döwürde il içinden zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olarda medeniýete, sungata, edebiýata söýgi döretmek esasy wezipeleriň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi sungata höwesli ýaşlaryň ençemesini ýüze çykardy. Türkmen edebiýatyny ösdürmäge ukyply ýaş ýazyjy-şahyrlary goldamak maksady bilen, edebi duşuşyklar geçirilýär, şygryýet agşamlarynda ýaş şahyrlar çykyş edýärler» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda nygtaýar.

Bellenilişi ýaly, Balkan topragy şöhratly taryhy, tebigy täsinlikleri bilen haýran galdyrýan, köňüllere ylham berýän toprakdyr. «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki Maşat-Misserian ýadygärlikleri orta asyr sungatynyň gaýtalanmajak gözellikleriniň nusgalaryny özünde jemleýär.

Balkan topragynda türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ösmeginde uly hyzmatlary bitiren Garadäli Gökleň, Baýram şahyr, Sary Garryýew, Söýün Amangeldiýew, Annagül Annagulyýewa, Täçbibi Gafurowa, Çary Amangeldiýew, Pyhy Taganow, Ýylgaý Durdyýew, Anna Kowusow, Saýlaw Myradow, Anna Gurtgeldiýew, Gurbandurdy Geldiýew, Nurberdi Gulow, Giçgeldi Amanow, Soltan Atanepesow, Aşyrmämmet Dawudow, Molla Çäkliýew, Saryhan Sapaýew, Döwletgeldi Ökdirow, Oraznepes Döwletnazarow, Aşyr Gurbanow, Gurbanmämmet Garajaýew, Akmämmet Nurmämmedow, Geldimämmet Orazgulyýew, Baýramdurdy Garaýew, Baýramguly Aýjanow, Japar Hojanepesow, Oraz Begnyýazow ýaly ençeme meşhur aýdymçy-sazandalar, edebiýat we sungat ussatlary kemala geldiler. Olaryň galdyran baý döredijilik mirasy şu günki nesiller üçin nusgalyk mekdepdir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynyň ahyrynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, bu sungat baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.