Turkmenportal logo
15.06.26
91599159
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Akademik Rudenko: Russiýa we Türkmenistan ylmy hyzmatdaşlyk üçin esasa eýe

Russiýanyň we Türkmenistanyň ylmy-tehnologiki ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary köp babatda gabat gelýär, bu bolsa iki ýurduň alymlarynyň hyzmatdaşlygy üçin berk esas döredýär. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň (RYA) wise-prezidenti, akademik Wiktor Rudenko Aşgabatda geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara maslahatda çykyş edende belledi.

«Russiýanyň we Türkmenistanyň ylmy-tehnologiki ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň deňeşdirilmegi we seljerilmegi bu ugurlaryň ep-esli derejede gabat gelýändigini görkezýär, bu bolsa iki ýurduň alymlarynyň hyzmatdaşlygy üçin esas döredýär» diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti akademigiň sözlerini getirýär.

Rudenkonyň sözlerine görä, ikitaraplaýyn özara hereketler ylmy-tehnologiki ösüşiň ähli esasy ugurlaryny diýen ýaly gurşap alyp biler we uly netijeleri, şol sanda amaly häsiýetli netijeleri gazanmaga gönükdirilmelidir. Akademik soňky ýyllarda iki ýurduň hyzmatdaşlygynda esasy ünsüň hut amaly ylma gönükdirilýändigini belledi. Ol RYA-nyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň (TYA) mümkinçiliklerini bu işiň guramaçylyk binýady diýip atlandyrdy hem-de 2024-nji ýylda TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň Halkara ylmy-tehnologiki park derejesini alandygyny aýratyn nygtady.

W.Rudenko dünýäde bolup geçýän wakalary täze tehnologiki nusgany emele getirýän nobatdaky ylmy-tehniki rewolýusiýa hökmünde häsiýetlendirdi. Bu nusgada esasy üns adam maýasyna – bilime, medeniýete, saglyga we raýatlaryň abadançylygyna berilýär. Onuň sözlerine görä, bu proses nano- we biotehnologiýalaryň, emeli aňyň, uly maglumatlaryň (big data), sanlylaşdyrmagyň we «ýaşyl» energetikanyň ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. «Şu meýilleri hasaba almak bilen, dünýäde altynjy tehnologiki dünýä hojalyk gurluşy emele gelýär» diýip, akademik nygtady.

Forum Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň meýdançasynda gibrid görnüşde geçirildi. Onuň guramaçysy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy boldy. Çärä Russiýadan, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Italiýadan, Türkiýeden, Bolgariýadan, Koreýa Respublikasyndan, Pakistandan we beýleki döwletlerden ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdy. Maslahat 12-nji iýunda bellenilýän Türkmenistanyň Ylymlar gününe bagyşlandy.