Turkmenportal logo
Şu gün 11:50
66626662
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen talyplary «Huawei ICT Competition 2025-2026 Global Final» bütindünýä bäsleşiginde baýrakly orny eýelediler

Türkmenistanyň wekilleri Huawei kompaniýasy tarapyndan gurnalan maglumat-kommunikasiýa tehnologiýa ugurlary boýunça bäsleşigiň final jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş etdiler. Has takygy, 2 — 5-nji iýun aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherinde geçirilen bäsleşikde türkmen talyplary «Practical competition network tracking» ugry boýunça 3-nji orna mynasyp boldular. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Bäsleşige Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni Şirmuhammet Wepaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen talyplarynyň topary gatnaşdy. Toparyň düzüminden Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Arslan Italmazow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Yslam Haýytmuhammedow we Gurban Orazmämmedow orun aldylar.

Bäsleşigiň «Practical competition network tracking» ugrunyň esasy maksady korporatiw ulgamlary taslamak, sazlamak we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek ukyplaryny toplumlaýyn barlamakdan ybarat bolup, jemleýji tapgyry laboratoriýa şertlerinde sekiz sagatlyk amaly synagy öz içine aldy. Onda 25 ýurtdan gelen gatnaşyjylar hakyky wagt tertibinde torda routing, optimizasiýa işlerini sazlamak we arhitektura näsazlyklaryny aradan aýyrmak boýunça çylşyrymly meseleleri çözmekde başarnyklaryny görkezdiler. Bu ugurda 3-nji orny eýelän türkmen talyplary eminler tarapyndan ýokary baha mynasyp boldular.

Ýeri gelende bellesek, «Huawei ICT Competition 2025-2026 Global Final» bäsleşigine dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň 2 müňden gowrak ýokary okuw mekdebinden 1 million 180 müňden gowrak talyp, olaryň halypa mugallymlary gatnaşdylar. Bäsleşik 3 tapgyrdan ybarat bolup, onuň ilkinjisi ýurduň içinde, ikinjisi sebitleýin we üçünjisi dünýä derejesinde geçirilýär. Şençžen şäherinde geçirilen bütindünýä tapgyryna 40-dan gowrak ýurtdan 170 topary emele getiren 500 sany gatnaşyjy saýlanylyp alyndy.