Turkmenportal logo
Düýn 13:01
1647516475
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daewoo E&C «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň inženerçilik-gurluşyk kompaniýasy bolan Daewoo Engineering & Construction «Ak şäherim Aşgabat 2026» (WCA 2026) atly XXV halkara sergi we maslahatyna resmi taýdan altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy. Çäre 24–25-nji maý aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriler.

Aziýanyň öňdebaryjy EPC-potratçylarynyň biriniň bu foruma gatnaşmagy, onuň durnukly şäher ösüşi we senagat döwrebaplaşdyrylmagy boýunça pikir alyşylýan sebit platformasy hökmünde halkara ähmiýetini has-da güýçlendirýär. Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde Daewoo E&C kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baş direktory Min Man-Çžun senagat ösüşi, gurluşyk materiallary we üpjünçilik zynjyrlary meselelerine bagyşlanan panel çekişmesinde çykyş eder.

«Binagärlik. Innowasiýalar. Durnukly ösüş.» diýen şygar bilen geçirilýän forum döwlet edaralarynyň wekillerini, halkara deweloperleri, maýadarlary we inženerçilik ugrunyň bilermenlerini bir ýere jemlär. Häzirki wagta çenli dünýäniň 55 ýurdundan 650-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklandy.

1973-nji ýylda esaslandyrylan Daewoo E&C Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, Afrikanyň we Ýewropanyň ýurtlarynda iri infrastruktura, senagat we energetika taslamalaryny amala aşyrýar. Türkmenistanda kompaniýa iri senagat desgalarynyň ösüşine gatnaşyp, ýurduň uzak möhletleýin döwrebaplaşdyrylma strategiýasyny goldaýar.

Forumyň ikinji mejlisiniň çäklerindäki çekişmede senagat önümçiliginiň infrastruktura ösüşi bilen utgaşdyrylmagy, Industry 4.0 tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy hem-de şäher özgertmeleri maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin üpjünçilik zynjyrlarynyň döredilmegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahatyň maksatnamasy barada giňişleýin maglumat çäräniň resmi internet sahypasynda elýeterlidir.