Turkmenportal logo
Şu gün 10:46
89188918
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Uganda diplomatik pasportlar üçin wizasyz düzgüni girizmek meselesine seretdiler

Türkmenistan bilen Uganda ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi we onuň netijeleri boýunça taraplar diplomatik gatnaşyklary amaly ykdysady hyzmatdaşlyk derejesine geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşyk Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ugandanyň paýtagty Kampala şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda geçdi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy Ýazguly Mämmedow, Uganda tarapyna bolsa ilçi Leonard Mugerwa wekilçilik etdi. Duşuşygyň guramaçylyk işlerini Ugandanyň şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda hem akkreditirlenen Tährandaky ilçihanasynyň wagtlaýyn ynanylan wekili Twaha Matata üpjün etdi diýip, nilepost.co.ug saýty ýazýar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler: söwda we maýa goýumlary, energetika, dokma we oba hojalygy pudaklary, bilim, syýahatçylyk we medeni alyş-çalyş. Türkmenistan tebigy gazy eksport etmek we dokma önümlerini, şol sanda jins hem-de eksporta gönükdirilen matalary öndürmek ugrundaky mümkinçiliklerini mälim etdi. Uganda tarapy bolsa guşçulyk önümlerini ibermek, azyk önümlerini gaýtadan işlemek we kofe önümçiligi baradaky mümkinçiliklerini hödürledi.

Akademiki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi: taraplar talyp alyş-çalyş maksatnamalaryny, uniwersitetleriň hem-de diplomatik akademiýalaryň özara gatnaşyklaryny, şeýle hem diplomatiýa we halkara gatnaşyklary ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar. Işewürlik gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek üçin iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda biznes-forumlary we söwda sergilerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem taraplar resmi saparlary ýönekeýleşdirmek maksady bilen, diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin wizasyz düzgüni girizmek mümkinçiligine seretdiler. Mundan başga-da, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljegi, diplomatik başlangyçlary utgaşdyrmak we döwlet saparlaryny guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemegine görä, geçirilen duşuşyk iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň barha ösýän depginini görkezýär. Nobatdaky gatnaşyklara we täze ylalaşyklara gol çekilmegine 2027-nji ýyla çenli bolan döwürde garaşylýar.