Turkmenportal logo
Düýn 21:12
86868686
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda ýaş telekeçiler üçin açyk sapak geçirildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýaş telekeçileriň we talyplaryň gatnaşmagynda açyk sapak geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde, habar berildi.

Çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik işleri boýunça merkezi tarapyndan bilelikde guraldy.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara telekeçiligiň içki gurluşyny, wezipeleriň netijeli paýlanyşy we jogapkärçiligiň takyk kesgitlenmeginiň kompaniýanyň ösüşine nähili täsir edýändigi barada gymmatly maglumatlar berildi. 

Gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip, amaly maslahatlary aldylar. Bu bolsa çäräniň diňe nazaryýeti bilen çäklenmän, eýsem amaly taýdan hem ähmiýetlidigini görkezdi.