Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 8-nji iýunda Nýu-Ýork şäherindäki Icahn Stadium stadionynda Niderlandlaryň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada Özbegistanyň futbol assosiasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşyk ABŞ-da, Kanadada we Meksikada 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde guralýar. Özbegistanyň ýygyndysy «K» toparçasyna düşdi we onuň çäginde Portugaliýa, Kolumbiýa hem-de Kongo Demokratik Respublikasy bilen duşuşar. Topara dünýä çempiony we 2006-njy ýylyň «Altyn top» baýragynyň eýesi bolan italiýaly Fabio Kannawaro tälim berýär.
Mundan başga-da, dünýä çempionatynda özbek eminler topary hem işlär. Ilgiz Tantaşew baş emin hökmünde çykyş eder, Andreý Sapenko bilen Timur Gaýnullin bolsa onuň kömekçi eminleri bolar.