Turkmenportal logo
Düýn 16:42
63296329
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan gaz pudagynda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan gaz pudagynda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi, şol sanda tehnikalaryň we enjamlaryň üpjünçiligi, şeýle hem önümçilik işleriniň sanlylaşdyrylmagy ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada Aşgabatda geçirilen Türkmen-hytaý forumynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew aýtdy.

«Hytaý kompaniýalarynyň giň toplumy üçin amaly ähmiýete eýe bolan ugurlary aýratyn belläp geçmek isleýärin. Bu — konsernimiziň önümçilik kärhanalary üçin tehnikalaryň, enjamlaryň we materiallaryň üpjünçiligidir» — diýip, ol aýtdy.

Arçaýew Hytaýyň öndürijileriniň konserniň taslamalarynda eýýäm möhüm orun eýeleýändigini belledi. Mysal hökmünde ol TAPI gaz geçirijisiniň Owganystan böleginiň gurluşygyny getirdi, bu ýerde 200-den gowrak ýöriteleşdirilen gurluşyk tehnikasy ulanylýar we olaryň köp bölegi Hytaýyň öndürijileri tarapyndan üpjün edildi.

«Bu tejribe hytaý tehnikasynyň türkmen taslamalarynyň iň talap ediji şertlerinde-de üstünlikli işleýändigini görkezýär» — diýip, konserniň ýolbaşçysynyň orunbasary nygtady.

Onuň sözlerine görä, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hataryna agyr gurluşyk we ýer gazyjy tehnikalaryň, buraw enjamlarynyň we partlamanyň öňüni alyş ulgamlarynyň, magistral gaz geçirijiler üçin uly diametrli turba önümleriniň, gazy taýýarlamak we gaýtadan işlemek desgalary üçin tehnologiki enjamlaryň, şeýle hem kebşirleme we izolýasiýa materiallarynyň üpjünçiligi girýär.

«Hytaýyň kompaniýalaryny tender-bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaga çagyrýarys» — diýip, Arçaýew aýtdy.

Ol sanlylaşdyrma ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny hem belledi. Bu ugra guýulary hakyky wagt tertibinde gözegçilik etmek ulgamlary, dolandyryş ulgamlaryny awtomatlaşdyrmak hem-de känleri dolandyrmak üçin toplumlaýyn platformalar girýär.

«Biz synag taslamalaryny ornaşdyrmaga we üstünlikli çözgütleri giňden ýaýratmaga açykdyrys» — diýip, «Türkmengaz» konserniniň başlygynyň orunbasary sözüniň üstüne goşdy.