FIFA-nyň Geňeşi 2029-njy ýylda 20 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda geçiriljek ýaşlar dünýä çempionatynyň bilelikdäki guramaçylary hökmünde Ermenistan bilen Gruziýany tassyklady. Degişli karar Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen mejlisde kabul edildi — diýip, RIA Nowosti agentligi habar berýär.
Ermenistan üçin şeýle möçberdäki ýaryş ýurduň taryhynda ilkinji bolar. Ermenistanyň Futbol federasiýasynda bu karary halkara futbol jemgyýetçiliginiň ynamynyň nyşany hökmünde bahalandyrýarlar hem-de dünýä birinjiliginiň geçirilmeginiň ýurtda ýaşlar futbolynyň ösüşine goşmaça itergi berjekdigini belleýärler.
Şol sebitde geçiriljek ýakyndaky ýaşlar dünýä çempionaty bolsa 2027-nji ýylda Azerbaýjan bilen Özbegistan tarapyndan kabul ediler.