Turkmenportal logo
Düýn 16:18
67646764
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen emini VI Aziýa kenarýaka oýunlarynda kenarýaka futbolynyň finalyna hyzmat eder

FIFA-nyň eminleriniň biri bolan türkmenistanly Timur Gulmyradow Hytaýyň Haýnan adasynyň Sanýa şäherinde 22–30-njy aprel aralygynda geçirilýän VI Aziýa kenarýaka oýunlarynyň çäklerinde kenarýaka futbolynyň final duşuşygyna taýmkiper-emin (wagt ölçegini alyp baryjy emin) hökmünde bellenildi.

Finalda Eýran bilen Omanyň milli ýygyndylary duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 17:30-da başlamak meýilleşdirildi.

VI Aziýa kenarýaka oýunlary 45 ýurtdan türgenleri birleşdirdi. Ýaryşyň maksatnamasyna 14 görnüş girýär, olaryň arasynda kenarýaka woleýboly, futbol, jiu-jitsu, gaýa dyrmaşmak, ýelkenli sport we akwatlon sport görnüşi bar.

Bu oýunlary geçirmek hukugy Sanýa şäherine 2019-njy ýylyň mart aýynda berildi. Ilkibaşda ýaryşlary 2021-nji ýylyň aprelinde geçirmek meýilleşdirilipdi, emma COVID-19 pandemiýasy sebäpli olar yza süýşürildi. Hytaý bu Aziýa kenarýaka oýunlaryny ikinji gezek kabul edýär: 2012-nji ýylda bu ýaryşlar Şandun welaýatynyň Haýýan şäherinde geçirilipdi.

Aziýa kenarýaka oýunlary ilkinji gezek 2008-nji ýylda Indoneziýanyň Bali adasynda geçirildi we şondan bäri her iki ýylda bir gezek guralýar. Dürli ýyllarda bu ýaryşy Oman (2010), Tailand (2014) we Wýetnam (2016) kabul etdi.