Turkmenportal logo
Düýn 23:23
1029510295
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

Şu gün Türkmenabat şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze, döwrebap söwda bazarynyň gurluşygyny amala aşyrmagyň teklip edilýändigi bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda we şäherlerinde söwda toplumynda ilaty gündelik sarp edilýän harytlar bilen üpjün etmek Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky kärhanalar hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli söwda kärhanalary tarapyndan amala aşyrylýar. Welaýat boýunça Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalaryna degişli jemi 860 söwda, önümçilik, jemgyýetçilik iýmiti nokatlary we beýleki önümçilik kärhanalary hereket edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze, döwrebap söwda bazaryny gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.