Turkmenportal logo
Düýn 10:38
74627462
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Singapurda ilkinji gezek pensionerler üçin parkur okuwlary ýola goýuldy

Singapurda gartaşan adamlar üçin üýtgeşik bedenterbiýe maksatnamasy durmuşa geçirilýär: ýigrimi pensionerden ybarat topar hünärmen tälimçiniň ýolbaşçylygynda yzygiderli parkur bilen meşgullanýar. Bu barada South China Morning Post portaly habar berýär.

Maksatnama gatnaşyjylar päsgelçilikleriň üstünden bökmek, togalanyp gitmek, päsgelçilikleriň aşagyndan süýşüp geçmek we diwarlara çykmak ýaly başarnyklary öwrenýärler. Türgenleşikler deňagramlylygy, utgaşyklygy we çydamlylygy ösdürmäge gönükdirilip, myşsalary hem-de bogunlary berkitmäge, reaksiýany – belli bir pursatda täsirlenmegi gowulandyrmaga ýardam edýär.

Taslamanyň awtory we ýolbaşçysy — 33 ýaşly tälimçi Tan Şi Bun. Ol 2017-nji ýyldan bäri parkur bilen meşgullanýar, emma ol ilki ýetginjekler bilen işleýärdi. Bu ugruň ýaşuly adamlar üçin laýyk getirilmegi baradaky pikir soň peýda boldy, tälimçi onuň uly ýaşly adamlar üçin möhüm bolan beden ukyplaryny ösdürmekdäki mümkinçiligine baha berenden soň şeýle karara geldi. Onuň sözlerine görä, başda taslama şübheli garşylandy, emma gatnaşyjylaryň gazanan netijeleri bu garaýşy bütinleý üýtgetdi.

Okuwy geçenleriň arasynda 69 ýaşly Betti Bun hem bar. Onuň aýtmagyna görä, türgenleşikler oňa özüne bolan ynamy artdyrmaga we özbaşdaklygyny has-da duýmaga kömek etdi. Gatnaşyjylar diňe bir fiziki peýdany däl-de, eýsem sosial täsirini hem belleýärler: sapaklar dostlukly ýagdaýda geçýär, hünärmenleriň pikirine görä bolsa, janly aragatnaşyk hem ýaşuly adamlaryň saglygyna oňyn täsir edýär.

Bu maksatnama ýurtda bolup geçýän möhüm demografik üýtgeşmeleriň çäginde amala aşyrylýar. Çaklamalara görä, eýýäm 2026-njy ýylda Singapur «örän gartaşan» ilatly ýurtlaryň hataryna girer: 65 ýaşdan ýokary raýatlaryň paýy 21%-den geçer. 2030-njy ýyla çenli ýurduň her dördünji ýaşaýjysy pensioner bolar. Şoňa görä-de häkimiýetler we jemgyýetçilik guramalary uly ýaşly nesliň saglygyny we işjeňligini goldamaga gönükdirilen maksatnamalary işjeň ösdürýärler.