Turkmenportal logo
Düýn 10:00
1224012240
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TDU-da matematika dersi boýunça III Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy

9-njy aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän matematika dersi boýunça III Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.

Halkara olimpiada Russiýadan, Hytaý Halk Respubdan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Ermenistandan, Belarusdan, Eýrandan, Gyrgyz Respublikasyndan we Türkmenistandan mekdep okuwçylarynyň 200-e golaýy gatnaşýar.

Olimpiadanyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlary bäsleşige gatnaşýan döwletleriň milli sungaty bilen çykyş etmegi, daşary ýurtly mekdep okuwçylarynda özboluşly täsir galdyrdy.

Dabara gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda guralan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerini, şol sanda bilim ulgamynda ýetilen sepgitleri öz içine alýan sergä hem-de uniwersitetiň Taryhy, Magtymguly muzeýlerine aýlanyp gördüler.

Halkara olimpiada A we B derejeler boýunça Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebinde geçiriler.

Şonuň ýaly-da, halkara olimpiada gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama taýýarlanylyp, onuň çäginde Türkmenistanyň Bitaraplyk muzeýine, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelençleri guramak meýilleşdirildi.