Soňky habarlar

Arhiw

Maýyplar üçin döwlet kömek pullary we olaryň möçberleri

1
31511

Maýyplyk boýunça döwlet kömek pullary – lukmançylyk-jemgyýetçilik barlag iş toparynyň kesgitleýän maýyplyk toparyna baglylykda mümkinçilikleri çäkli adamlara tölenýän aýlyk tölegdir.

Maýyplyk boýunça döwlet kömek pullaryny 18 ýaşa ýetmedik çagalaryň, çagalykdan maýyp bolan şahslaryň, şeýle-de hökmany pensiýa gaznasyna degişliligi bäş ýyldan az bolmadyk maýyp şahslara degişlidir.

Maýyplyk boýunça döwlet kömek pullaryny almak üçin nirä ýüz tutmaly?

Maýyplyk boýunça döwlet kömek pullaryny almak üçin lukmançylyk-jemgyýetçilik barlag iş toparynyň derňeme delilnamasy bar bolan ýagdaýynda hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça Türkmenistanyň Pensiýa Gaznasynyň ýerli bölümine ýüz tutmalydyr.

Maýyplyk boýunça döwlet kömek pullaryny almaklyk üçin nähili resminamalar gerek?

Ykrar edilen nusgada arzany, pasportyň (ýa-da ýerini tutýan resminamanyň) göçürmesini, maýyp diýip ykrar edilen (18 ýaşa ýetmedik maýyp çagalardan başga) lukmançylyk-jemgyýetçilik barlagyň derňeme delilnamasyndan göçürmesini, maşgala agzalary (18 ýaşa ýetmedik maýyp çagalardan başga) baradaky kepilnamany, doguluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesini maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny almak üçin taýýarlamalydyr. 

Maýyplyk boýunça döwlet kömek pullarynyň möçberi döwlet kömek pullaryny hasaplama üçin kesgitlenen başlangyç ululygyndan göterimde bellenilýär we olar şu aşakdakylardan durýar:

  1. 18 ýaşa ýetmedik maýyp çagalara – 160 göterim;
  2. Çagalykdan maýyplara, I, II we III topar/dereje – 200 göterim;
  3. Iş stažy(ätiýaçlandyryş stažy) bolmadyk maýyplara:
  • I topar/dereje – 160 göterim;
  • II topar/dereje – 140 göterim;
  • III topar/dereje – 120 göterim.

Eklenjinde kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bar bolan I we II topara degişli maýyplara her bir çaga üçin döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin kesgitlenen başlangyç ululygyň 20 göterim ölçeginde bellenen döwlet kömek pullaryna goşundy bellenilýär.

Lukmançylyk netije boýunça başga biriniň kömegine mätäç bolan I topara degişli maýyplara we görüş boýunça II topara degişli hossarsyz maýyplara döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin kesgitlenen başlangyç ululygyň 20 göterim ölçeginde bellenen döwlet kömek pullaryna goşundy bellenilýär.

Maýyplyk boýunça döwlet kömek pullary we oňa laýyk bolan goşundylar almaklyk üçin ýüz tutan senäňize garamazdan, maýyp diýip ykrar edilen gününden başlap bellenilýär. 
(2020-nji ýyla döwlet kömek pullarynyň hasaplamasy üçin başlangyç ululygy 322manat, 2021-nji ýyla bolsa 354 manatdyr).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar