Soňky habarlar

Arhiw

«Ýunus» haryt nyşanly önümleriň taryhy

0
55719

«Ýunus» haryt nyşanly önümler Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýyllar bäri tanalyp gelýär. Kärhananyň duzly we duzsuz gowrulan günebakar çigitleri, duzly maňyzlary, şekersiz sakgyçlary islendik dükanyň tekjelerinde gabat gelip, hemişe uly isleg bilen satyn alynýar. «Ýunus» haryt nyşany Türkmenistanyň içerki bazaryna ozal import edilip gelinýän önümleri öndürmek bilen, importuň ornuny tutýan önümlerini öndürmek syýasatynda üstünlikli iş alyp barýan kärhanadyr. «Ýunus» önümleriniň hili daşary ýurtly ugurdaş kärhanalar bilen bäsdeşlige eýedir.

«Altyn Ýunus» hususy kärhanasy azyk önümlerini satýan adaty lomaý we bölekleýin kärhana hökmünde işini 2005-nji ýylda ýola goýdy. Kem-kemden işewürligiň ösmegi netijesinde, harytlaryň gerimi giňedi, söwda nokatlary tutuş ýurduň ähli sebitlerinde peýda boldy hem-de kärhana Türkmenistanda belli daşary ýurt haryt nyşanlarynyň dilerlik wezipesini ýerine ýetirip başlady.

Kärhana soňra häzirki meşhur «Ýunus» haryt nyşany bilen 2014-nji ýylda hasaba alyndy. Şondan bäri hem kärhananyň bütin ýurt boýunça önümçilik desgalary açylyp başlandy, has takygy, ilki bilen, 2016-njy ýylda Maryda, soň bolsa 2020-nji ýylda Aşgabadyň golaýyndaky Änew şäherçesinde gowrulan çigitleri öndürýän kärhana açyldy. 2017-nji ýylda «Altyn Ýunus» şekerli sakgyçlaryň, 2018-nji ýylda bolsa şekersiz sakgyçlaryň, şeýle hem içi sakgyçly horazsüýjüleriň önümçiligini özleşdirdi.

2020-nji ýyldan başlap, Änewdäki önümhanasy açylanyndan soň, «Altyn Ýunus» kärhanasy özi üçin täze bir önümçiligi — konditer önümlerini öndürmegi ýola goýup başlady. Ilki bilen, biskwitler, soň bolsa «Altyn Ýunusyň» waflileri kem-kemden türkmen alyjylarynyň arasynda meşhurlyk gazandy. Şu ýyldan başlap, «Ýunus» haryt nyşany bilen şokolad batonlary we süýjüler, şeýle hem Türkmenistanda ilkinji gezek köpürjikli şokoladlar we içi oýunjak sýurprizli şokolad ýumurtgalary öndürildi.

Häzirki wagtda «Altyn Ýunus» kärhanasynyň önümleriniň hatarynda hemmeleriň bilýän sakgyçlary we gowrulan çigitlerden başlap, «Well» we «Topgam» ýaly atly sakgyçlar, horazsüýjüler, şokolad süýji we baton toplumlary ýaly 150-den gowrak atly önümler bar.

«Altyn Ýunus» dürli hili önümlerini ýurduň 20 000 sany söwda nokadyna üpjün edýär. Olardan günebakar we kädi çigidini, «Ýunus» maňyzlaryny, «Ýunus», «Well» we «Topgam» sakgyçlary, «Ýunus», «Melek», «Emir», «Tawus», «Ýürejik» haryt nyşanly datly kökeleri, «Melek» atly şokoladly, limonly, hozly waflileri, «Springa», «Tower», «Hozzi», «Bruno» ýaly şokolad batonlary, şeýle hem köpürjikli şokoladlary bellemek bolar.

«Ýunus» haryt nyşanly önümleriň hili diňe bir sarp edijiler tarapyndan däl, eýsem, önümleri üçin ISO 22000, ISO 9001 we HACCP ýa-da «Halal» şahadatnamalaryny beren International Organization for Standardization guramasy tarapyndan hem bellenildi.

«Altyn Ýunus» kärhanasy önümleriniň goňşy ýurtlara — Gazagystana, Täjigistana, Owganystana, Eýrana, şeýle hem Russiýa, Azerbaýjana, Türkiýä we Hytaýa eksportyny ýola goýdy. Şeýle-de häzirki wagtda Ermenistana, Belarusa, Mongoliýa, Birleşen Arap Emirliklerine we Afrika ýurtlaryna eksporty ýola goýmak üçin gepleşikler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy Türkmenistanda geçirilýän ýurduň ykdysady özgertmeleriniň sergilerine we daşary ýurt sergilerine yzygiderli gatnaşýar. Has takygy, kärhana önümlerini Moskwada geçirilen «PRODEXPO» we 2020-nji ýylda Dubaýda geçen (BAE) GULLFOOD-da guralan sergilerde hem halka görkezýär.

«Altyn Ýunus» kärhanasynyň önümleri — elmydama ýokary hili, döwrebap gaplama usuly, önümçilik prosesiniň berk gözegçiligi, iň gowy çig malyň we häzirki zaman enjamlarynyň ulanylýandygy bilen tapawutlanýar.

«Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň alyp barýan önümçiligi we onuň önümleri bilen has içgin tanyşmak üçin şu salgylara ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 174-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 95 06 04, (+993 12) 95 06 17, (+993 12) 95 06 18. Elektron poçta salgysy:  info@altynyunus.tm, export@altynyunus.tm.

Şeýle-de okaň:

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar