Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabat» kinoteatrynda «44-nji ýylyň awgustynda» atly çeper film görkezildi

13:1620.06.2025
0
21294

Russiýa Federasiýasynyň we Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanalary «Aşgabat» kinoteatrynda «44-nji ýylyň awgustynda» atly çeper filmiň bilelikdäki görkezilişini guradylar. Bu çäre Ýatlama we matam güni (22-nji iýun) mynasybetli Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagynyň 84 ýyllygyna bagyşlandy.

Çäräniň açylyşynda çykyş eden RF-nyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin filmiň bilelikde görkezilişiniň Ýeňşiň 80 ýyllygynyň bellenen ýylynda geçirilmeginiň ata-babalarymyzyň edermenligine we gaýduwsyzlygyna goýulýan uly hormat-sarpanyň nyşanydyr – diýip, belledi. «Olar öz ýakynlaryny, öz topragyny goramak üçin ähli zady gurban etmäge taýýar bolupdylar. Häzirki wagtda şol uruş barada, ýeňşiň gazanylmagy üçin tutuş sowet halkynyň gaýtaryp bolmajak getiren pidasy baradaky hakykaty saklap galmak biziň üçin görlüp-eşidilmedik derejede wajypdyr».

Belarus Respublikasynyň ilçisi Stanislaw Çepurnoý bolsa ýeňiş baradaky hakykaty galplaşdyrmak we taryhy täzeden ýazmakda edilýän synanyşyklaryň ýol berilmejek hereketdigini nygtady. «Biz ýeňijiler nesliniň mirasdüşerleri hökmünde bu taryhy hakykaty, şol pajygaly wakany, ata-babalarymyzyň gahrymançylygyny we özlerini pida edendiklerini ýatda saklamak biziň borjumyzdyr» - diýip, nygtady.

Bu çeper film Wladimir Bogomolowyň ady bir romanynyň esasynda režissýor Mihail Ptaşuk tarapyndan «Belarusfilm» kinostudiýasynda surata düşürildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň