Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda Halkara guşlar güni mynasybetli bäsleşik geçirildi

11:0802.04.2025
0
18753

Her ýylyň 1-nji aprelinde bellenilýän Halkara guşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşik welaýatyň çäginde ýerleşýän çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň 15 — 17 ýaş aralygyndaky okuwçylarynyň arasynda «Guşlaryň owazy — parahatçylygyň güwäsi» ady bilen geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Bäsleşige nakgaş, grafika we gobelen eserleriniň 80-e golaýy hödürlendi we olaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi tarapyndan ýurtda ýaşaýan dürli guşlaryň gäpleri ýerleşdirildi.

Bäsleşikde Çärjew etrabynyň Farap şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Merjen Zarafşanowa 1-nji, şol mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Mahira Umytjanowa hem-de Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Maksat Şakirjanowa 2-nji, Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Mekan Muhtarbaýew, Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Eneş Rejepowa hem-de Melike Bekmuradowa 3-nji orna mynasyp boldular.

Şeýle hem Türkmenabat, Sakar şäherlerindäki, Dänew hem-de Hojambaz etraplaryndaky çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde okaýan Aýlar Rustamowa, Ogulnur Meýlisowa, Şerhan Ruslanow we Söhbet Hudaýberenow dagy höweslendiriji baýraga eýe boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň