ÝB-niň halkara gatnaşyklary boýunça ýokary derejeli wekili Kaýa Kallas Ýewropanyň we halkara maliýe guramalarynyň Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek üçin 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýmaga taýýardygyny mälim etdi – diýip, Türkmenportal saýtynyň habarçysy habar berýär.
«Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek häzirki wagtda möhüm taslama bolup durýar. Ýewropanyň we halkara maliýe guramalary bu taslama 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýmaga taýýardyr» - diýip, ýokary derejeli wekil, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrleriniň 27-nji martda Aşgabatda geçirilen 20-nji duşuşygyna bagyşlanan metbugat maslahatynda beýan etdi.
Kallas ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga bolan meýliň artýandygyny nygtady. Ol Ýewropa Bileleşiginiň sebitdäki iň uly maýa goýujydygyny we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýändigini belledi. Şunda ýaşlaryň alyş-çalşyny ösdürmäge, şeýle-de işewürlik we akademiki ugurlar boýunça gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berildi.