ABŞ-da adam bedeniniň garramagyny haýalladýan ýa-da öňüni alyp biljek täze derman serişdesini synagdan geçirýärler. Bu barada «ABC7» teleýaýlymyna salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Dermänyň täsiri adamyň düýp öýjüklerindäki hromosomlaryň ujundaky gapajyklary uzaltmaga gönükdirilendir. Eger olar ulaldylsa, beden düýp öýjükleri öndürmäge, netijede, adam sözüň doly manysynda juwanlaşmaga ukyply bolar.
Häzirki wagtda derman serişdesi garry nemes owçarkalarynda synagdan geçirildi, olarda birgiden agyr keseller bardy. Derman kabul edenlerinden soňra itleriň saglygy gowulandy. Täze dermany onlarça itde synag etmekçi bolýarlar, alnan netijeler geljek ýyl yglan ediler.
Alymlar bu dermanyň geljekde adamlara hem peýda edip biljekdigine umyt edýärler.