«Peekaboo» oýun meýdançasy kiçijik myhmanlary wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmäge çagyrýar.
«Peekaboo» çagalaryň ösüşi we dynç almaklary üçin dürli görnüşli mümkinçilikleri hödürleýär. Bu ýerde her bir çaganyň howpsuzlygy we rahatlygy barada alada edýän tejribeli hem-de aladaçyl enekeler zähmet çekýär. Çagalar meýdançasy dürli ýaşdaky we gyzyklanmaly çagalar üçin dürli oýunjaklar, stol üsto oýunlar hem-de gurnama oýun toplumlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Işjeň oýunlary halaýanlar üçin «Peekaboo»-da gyzykly bäsleşikleri, estafeta ýaryşlaryny, kwestleri we diskotekalary guraýan şadyýan animatorlar işleýärler. Bu çäreler çagalara sosial endikleri ösdürmäge ýardam edýär, gatnaşyk gurmagy we başgalaryň pikirlerine hormat goýmagy öwredýär.
Döredijilik ukyply çagalar bolsa «Peekaboo»-nyň ussahanasynda başarnyklaryny amala aşyryp bilerler, bu ýerde tejribeli senetçileriň ýolbaşçylygynda çagalar öz eli bilen dürli senetleri döredip bilerler. Bu olaryň hyýaly pikirlenmesini we motorika ukyplaryny ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
«Peekaboo» — bu çagalaryň diňe bir wagtlaryny hoş geçirýän ýeri bolman, eýsem döredijilik ukyplaryny ösdürip, deň-duşlary bilen aragatnaşyk saklamagy we jemgyýete uýgunlaşmagy öwrenýän ýeridir.
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., «Gül zemin» söwda we dynç alyş merkezi, 3-nji gat. Telefon belgisi: (+993 63) 71 84 84;
- ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D23 dükany. Telefon belgisi: (+993 61) 62 43 22;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.