Tanymal aktýor Maýkl Duglas kino dolanmakçy däldigi barada habar berdi diýip, «Variety» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Duglas 2022-nji ýyldan bäri kinoda keşp döretmeýändigini ömrüniň ahyryna çenli zähmet çekmek islemeýändigi bilen düşündirdi. Onuň indi kino dolanmak meýli ýok.
Şol bir wagtda goja aktýor eger gyzykly ssenariý duşsa, kino düşmeginiň mümkindigini hem ýaňzytdy. «Bu pensiýa çykdygym däl, eger nähilidir bir gyzykly ssenarä duş gelsem, men kino dolanyp barardym» diýip, artist sözüniň üstüni ýetirdi.