Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Suw pişigini birahat eden jahankeşdä müň dollar jerime salyndy

13:4829.04.2024
0
9881
Suw pişigini birahat eden jahankeşdä müň dollar jerime salyndy
Surat: ren.tv

Suw pişiginiň (morž) ýatan buz bölegine münüp, deňiz jandaryny golaýdan surata almak islän polşaly jahankeşdä Norwegiýanyň Şpisbergen diýen ýerinde 1,1 müň dollar jerime salyndy. Bu barada sebitiň gubernatorynyň resmi saýtynda habar berildi diýip, «Ren.tv» ýazýar.

Jahankeşde Şpisbergeniň daşky gurşaw barada Kanunynyň 73-nji maddasynyň ikinji böleginde beýan edilen ýerli ýabany haýwanlary biynjalyk etmezlik hakynda düzgüni bozdy.

Polşaly jahankeşde suw pişiginiň has gowy hilli suratyny almak isländigini gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň