Aşgabatda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär

10:2526.04.2024
0
11891

Şu ýylyň 19 --- 22-nji awgusty aralygynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda "Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin" atly halkara sergi-ýarmarkasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 25-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýewiň «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» bellenilen wezipelere laýyklykda, ýurtda halkara sergileri guramak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň çagalar, mekdep okuwçylary we talyplar üçin niýetlenen ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri, okuw esbaplary, elektron harytlary hödürleniler. Bu pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk tälimleriniň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy hem meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurtda sergi-ýarmarka işini ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany agzalan halkara sergi-ýarmarkasyny guramak baradaky teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň