Belarus ýokary okuw mekdepleri türkmen dalaşgärleri üçin gapylaryny açýar

14:5123.04.2024
0
26087

Belarus uniwersitetleri Türkmenistandan zehinli dalaşgärleri okamaga çagyrýarlar we geljegi uly hünär mümkinçilikleriniň dünýäsine gapy açjak abraýly bilim baradaky arzuwlaryny amala aşyrmagy teklip edýärler.

Belarusyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň Aşgabatdaky resmi wekili bolan «Ideýa+» agentligi türkmen ýaşlaryny abraýly talyplar jemgyýetiniň bir bölegi bolmaga we 2024-2025-nji okuw ýylynda bakalawriat, magistratura, aspirantura we doktorantura ugurlary boýunça ýokary bilim almaga çagyrýar.

Näme üçin bilim almak üçin Belarusy saýlamaly?

• bilimiň ýokary derejesi: Belarus uniwersitetleri öňdebaryjy maksatnamalary, tejribeli mugallymlary we döwrebap barlaghanalary bilen meşhurdyr.

• amatly bahalar: Belarusda bilim almak Ýewropadakydan we ABŞ-dakydan has arzan düşýär, şol bir wagtyň özünde, bilimiň hili dünýä standartlaryndan pes däldir.

• amatly ýaşaýyş şertleri: Belarusdaky talyplar şäherçeleri abadanlaşdyrylan we amatly durmuş üçin zerur şertler bilen üpjün edilendir.

• howpsuzlyk: Belarus dostlukly gurşaw höküm sürýän dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň biridir.

• täze mümkinçilikler: Belarusda bilim alyp, ýurduň özünde-de, daşary ýurtlarda-da ýokary zähmet hakly iş tapyp bolýar.

«Ideýa+» agentliginiň hyzmatdaşlary Belarusyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri:

• Belarus döwlet informatika we radiotehnika uniwersiteti (BDIRU) – IT bilim ulgamynda öňdebaryjy bolmak bilen, isleg bildirilýän hünärleriň giň toplumyny hödürleýär.

• Belarus milli tehniki uniwersiteti (BMTU) – ýurtdaky iň iri tehniki ýokary okuw mekdebi bolmak bilen, bu ýerde dürli ugurlar boýunça ýokary hünär derejeli inženerler taýýarlanýar.

«Ideýa+» agentligi arzuwlaryňyzy amala aşyrmagyň ýolunda wepaly ýoldaş bolar. Agentligiň hünärmenleri ýokary okuw mekdebini we hünäri saýlamaga kömek ederler, girişiň ähli basgançaklarynda hünär goldawyny bererler, gyzyklanma döredýän ähli meseleler boýunça maslahat bererler we her bir müşderä şahsy çemeleşmäni üpjün ederler.

«Üstünlikli geljege tarap ilkinji ädimi ädiň – Belarusda bilim alyň!» diýip, agentlikde maslahat berýärler.

Maslahata ýazylmak üçin şu salgydaky maglumatnamany dolduryň.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • telefon (+993 71) 51 84 37;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň