Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Rumyniýa ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

14:0223.04.2024
0
12090

22-nji aprelde Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň binasynda Awtoulag boýunça türkmen-rumyn bilelikdäki komissiýasynyň üçünji mejlisi we Ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýanyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy G.Akmamedow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine laýyklykda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi we ulag-üstaşyr pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, taraplar ulag pudagynda özara kabul ederlikli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky halkara ýük ulaglary, halkara ýol ulaglarynyň ýagdaýy we olary mundan beýlek hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisiniň ahyrynda taraplar dördünji mejlisiň Teswirnamasyna, şeýle hem Awto ulaglar boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn komissiýasynyň üçünji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň