Müsüre Şweýsariýadan faraon Ramzes II heýkeliniň ogurlanan bölegi getirildi

14:0123.04.2024
0
8305
Müsüre Şweýsariýadan faraon Ramzes II heýkeliniň ogurlanan bölegi getirildi
Surat: iz.ru

Ýaşy 3,4 müň ýyl bolan faraon Ramzes II heýkeliniň bölegi Müsüriň Bern şäherindäki ilçihanasyna gowşuryldy hem-de watanyna gaýdyp getirildi. Bu barada «Egypt today» žurnalyna salgylanýan «Izwestiýa» habar berdi.

Heýkeli bölekleri 1980-nji ýylyň ahyrynda — 1990-njy ýylyň başynda gadymy Abidos şäherindäki ybadathanadan ogurlanyp, kontrabanda ýoly bilen Şweýsariýa ugradyldy. Ony 2023-nji ýylyň iýulynda ele salmak başartdy.

Müsüriň Bern şäherindäki ilçihanasynyň we Şweýsariýanyň Medeniýet boýunça federal edarasynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde, gymmatly tapyndy ýörite uçar arkaly Müsüriň Jahankeşdelik we gadymylyklar ministrligine gowşuryldy.

Müsür we Şweýsariýa 2010-njy ýylda gadymy gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça ylalaşyga gol çekdiler.

Netijede, öň hem Isida zenan taňrynyň gadymy müsür heýkelini Müsüre gaýdyp bermek başartdy diýlip, habarda bellenýär.

Ramzes II ýa-da Beýik Ramzes biziň eýýamymyndan öňki 1279-1213-nji ýyllarda hökümdarlyk etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň