Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy

10:4623.04.2024
0
5139
Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
balkangunlugu.com.tr

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan düýn Bagdatda Yragyň Prezidenti Abdul Latif Raşid bilen duşuşdy diýip, «Anadolu» neşiri habar berdi.

Gepleşikler Yragyň Prezidentiniň Bagdat köşgünde metbugat üçin ýapyk görnüşde geçdi.

Ärdoganyň sapary wagtynda wekilçilikli toparyň düzüminde ýurduň DIM-niň, IIM-niň, Milli Goranmak Ministrliginiň ýolbaşçylary – Hakan Fidan, Ali Ýerlikaýa, Ýaşar Gýuler, Prezidentiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Akif Çagataý Kylyç we beýlekiler boldy.

Bu Türkiýäniň Prezidentiniň Yraga 13 ýylyň içinde ilkinji resmi saparydyr.

Türkiýäniň «Akşam» gazeti Rejep Taýyp Ärdoganyň ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň çakylygy boýunça 9-njy maýda Waşingtona resmi sapar bilen barjakdygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň